Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanda terror toparlaryna dahyllylykda aýyplanyp dört adam tussag edildi


Düýn Täjigistanyň Sogd welaýatynyň sudy ýurduň dört sany raýatyny halkara terror toparlaryna dahyllylykda aýyplap, uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm etdi.

Hususan-da, suduň sudýasy Nasimjon Ehsonow bu dört adamyň kanun taýdan gadagan edilen Özbegistanyň Yslam Hereketiniň agzalarydyklaryny aýtdy.

Bu gürrüňi edilýän Yslam Hereketi Merkezi Aziýa regionynda resmi hökümetleri häkimiyetden agdaryp, Yslam halyfatyny döretmek planlarynda aýyplanylýar.
XS
SM
MD
LG