Sepleriň elýeterliligi

Ýanukowiçiň inagurasiýa dabarasy 25-nji fewralda geçiriler


Şu gün Ukrainanyň Parlamenti prezidentlige täze saýlanan Wiktor Ýanukowiçiň inagurasiýa dabarasyny 25-nji fewralda geçirmekligi goldap, ses berdi.

Wiktor Ýanukowiç 7-nji fewralda geçirilen ikilenji tapgyr prezidentlik saýlawlarynda öz garşydaşy Ýuliýa Timoşenkodan 3.5 prosent töweregi artyk ses alyp, ýeňiji bolupdy.

Ýuliýa Timoşenko öz gezeginde bu saýlawlarda galplyklara ýol berlendigini aýdyp, bu mesele boýunça şikaýat bilen suda ýüz tutjakdygyny mälim etdi. Şeýle hem, ol özüniň häzirki premýer-ministrlik wezipesinden çekilmejekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG