Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mottaki Tähranda Türkiýäniň daşary işler ministri bilen duşuşdy


Şu gün Eýranyň daşary işler ministri Manuçehr Mottaki Tähranda Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmed Dawutoglu bilen geçiren gepleşikleriniň yzy bilen eden çykyşynda, Eýranyň öz ýadro programmasy boýunça daşarky döwletleriň etjek täze tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.

Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmed Dawutoglu Tähranda geçiren gepleşiklerinde esasan Eýranyň ýadro programmasy barada Birleşen Milletler guramasynyň ýakynda öňe süren proýektininden ugur aldy.

Geçen hepde Eýranyň häkimiýetleri urany baýlaşdyrmak işlerinde uly öňegidişlik gazanandyklaryny yglan etdiler. Bu beýanatyň yzy bilen, käbir Günbatar döwletleri Eýrana garşy gyssagly ýagdaýda täze sanksiýalaryň kabul edilmegine çagyryş edip başladylar.
XS
SM
MD
LG