Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistandaky talyp söweşijileriniň esasy lideri tussag edildi


Şu gün Pakistanyň we Birleşen Ştatlaryň resmileri Pakistandaky talyp söweşijileriniň esasy lideri Molla Baradaryň tussag edilendigini tassykladylar.

Bu barada ilki bilen şu gün «New york times» gazeti maglumat ýaýratdy. Şol maglumatda Molla Baradaryň Karaçi şäherinde mundan birnäçe gün öň Birleşen Ştatlar bilen Pakistanyň gizlin gulluklarynyň geçiren operasiýasynda ele salnandygy aýdylýar.

Gazetiň çap eden bu habarynyň yzy bilen, şu gün Birleşen Ştatlaryň we Pakistanyň ýokary derejeli resmileri öz atlarynyň tutulmazlyk şerti bilen, bu maglumaty tassykladylar.

Pakistandaky talyp söweşijileriniň esasy lideri Molla Baradar Osama bin Ladeniň kömekçisi Molla Muhammed Omardan soň talyp liderleriniň arasynda 2-nji lider hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG