Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yragyň häkimiýetleri ölüm jazasyny ýatyrmaklyga çagyryldy


Şu gün Britaniýa, Fransiýa we Italiýa Yrakda soňky iki ýylyň dowamynda jenaýatçylara berilýän ölüm jezasynyň sanynyň has artandygyna alada bildirip, Yragyň häkimiýetlerini ölüm jazasyny ýatyrmaklyga çagyrdylar.

Birleşen Milletler guramasynyň Ynsan hukuklary baradaky Geňeşinde edilen bu çagyryşa jogap edip, Yragyň wekilleri ölüm jezasynyň ýurtdaky ösýän jenaýatçylygyň öňüne böwet bolmaklygyň bir serişdesi hökmünde ulanylýandygyny aýtdylar.

Yragyň häkimiýetleriniň resmi maglumatyna görä, soňky bäş ýylyň içinde ýurtda 122 adama ölüm jezasy berlipdir.

BMG-niň Ynsan hukuklary baradaky Geňeşi Yragyň ynsan hukuklary boýunça görkezijilerine berýän ýyllyk synynda ölüm jezasy bilen baglanyşykly ýagdaýlara hem üns berdi.
XS
SM
MD
LG