Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda talyplaryň garşylygy gowşady


Owganystanyň günortasynda talyplaryň pozisiýasyna edilýän hüjümler olaryň garşylygyny uly derejede gowşatdy diýip, Owganystandaky halkara koalision goşunlaryň komanduýuşileriniň biri general Nik Karter aýtdy.

Ol Gilment welaýatynyň Marja şäherine hüjüm wagty söweşijileriň halkara goşunlaryna güýçli garşylyk görkezendigini belledi.

Britan kontingentine serkerdelik edýän Karter talyplar tarapyndan ornaşdyrylan ägirt uly mukdardaky minalaryň özüni haýran galdyrandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG