Sepleriň elýeterliligi

Ahmedinejat sanksiýalara synanyşyklar boýunça haýbat atdy


“Eýran öz garşysyna täze sanksiýalar girizmäge synanyşyklara berk reaksiýa bildirer” diýip, Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejat aýtdy.

Düýn Tähranda bolan metbugat konferensiýada çykyş edip, Ahmedinejat şeýle diýdi: “Elbetde, kim Eýranyň garşysyna sanksiýa girizmekçi bolsa, biziň jogabymyz öňküler ýaly maslahatlarda ýa-da rekomendasiýalarda çäklenmez. Biziň jogabymyz şeýle bolar, olar öz ädimine puşman eder”.

Eýran prezidentiniň sözlerine görä, Eýran häzirlikçe öz ýadro ýangyjyny daşary ýurtlarda gaýtadan işlemek barada halkara jemgyýetçiligi bilen ylalaşygy aradan aýyrmaýar. Eýran ýadro ýangyjynyny hat-da ABŞ bilen alyş-çalyş etmäge taýýar diýip, Ahmedinejat sözüniň üstüne goşdy.

Eýran ýolbaşçylary urany baýlaşdyrmak boýunça gazanan üstünliklerini geçen hepde yglan edenden soň, bu ýurduň garşysyna sanksiýalary güýçlendirmek barada BMG-ä çagyryşlar köpeldi.
XS
SM
MD
LG