Sepleriň elýeterliligi

Abhaziýada harby baza döretmek barada gol çekişiler


Abhaziýanyň territoriýasynda guryýer goşunlarynyň Orsýet bazasyny döretmek baradaky ylalaşyga şu gün Orsýet bilen Abhaziýanyň gol çekişmegine garaşylýar.

Abhaziýanyň Goranmak ministriniň orunbasary Garri Kapalbanyň Roýter agentligine aýtmagyna görä, bazada bärsinden üç müň harby gullukçy ýerleşer.

Baza döretmek planyny Gürjüstan “bikanun” atlandyrdy.

2008-nji ýylyň awgustynda Gürjüstan bilen ýaragly konfliktden soň Orsýet Gürjüstandan bölünip aýrylan Abhaziýanyň we Günorta Osetiýanyň döwlet garaşsyzlygyny ykrar etdi.
XS
SM
MD
LG