Sepleriň elýeterliligi

Belgiýada demirýol betbagtçylygynda dereksiz ýitenler gözlenýär


Belgiýada demirýol betbagtçylygynyň bolan ýerinde şu wagta çenli dereksiz ýiten hasaplanýan ýolagçylaryň gözlegi dowam edýär.

Çaknyşykda ýenjilen wagonlardan spesialistler adam bedeniniň böleklerini tapýarlar.

Bu barasynda Belgiýanyň demirýol edarasynyň wekili Frans Press agentligine beren interwýusynda aýtdy. Fanni Karpenter ölenler baradaky häzirki sanyň üýtgemeginiň mümkindigini belledi.

Iki ýolagçy otlusy Brýusseliň günorta-günbataryndaky Halle şäherinde hepdäniň duşenbe güni çykyşypdy. Şonda onlarça ýolagçy ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG