Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaiti ýer titremesiniň ýetiren zyýany azyndan 8 milliard dollar


“Ýanwar aýynda Gaitide bolan aýylganç ýer titremäniň getiren zyýany Gaiti ykdysadyýetiniň ýyllyk möçberinden iki esse gowrak köp”- diýen netijä Amerikanara Banky çap eden dokladynda geldi.

Gaitide bolan ýer titreme 2004-nji ýylda Indoneziýa gelen harasatdanam has weýran ediji boldy diýlip, dokumentde bellenýär.

Gaitiniň ykdysadyýetine ýeten zyýan 8 bilen 14 milliard dollar aralygynda ölçelýär.

Dünýä bankynyň maglumatyna görä, 2008-nji ýylda Gaitide önümçiligiň we hyzmatlaryň möçberi bary-ýogy 8 milliard dollar bolupdyr.
XS
SM
MD
LG