Sepleriň elýeterliligi

Belarusda polýaklaryň hukuklaryny goraýjylar saklandy


Belarus milisiýasy azlykda ýaşaýan polýaklaryň hukuklaryny goraýjylar bilen raýdaşlyk aksiýasynyň öňüni aldy.

Demonstrasiýa wagty 20 töweregi adamyň saklanandygy habar berilýär. Ondan öň birnäçe oppozisiýa wekili saklanypdy.

Hepdäniň duşenbe güni polýak jemgyýetçilik guramasynyň 40 töweregi aktiwistiniň belarus häkimiýetleri tarapyndan saklanmagyny Warşawa ýazgarypdy.

Resmi Minisk tarapyndan özleriniň duýýan “kemsitmeleri” bilen ylalaşmaýandyklaryny Belarusdaky polýaklar aýan edipdiler.

Polşanyň daşary işler ministri Radoslaw Sikorskiý Belarusy “nädogry ýoldan” gaýtmaga çagyrdy hem Ýewrobileleşigiň Belarusa gysyş görkezmegi barasynda çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG