Sepleriň elýeterliligi

Krizisden ejir çekýän Gresiýanyň çagyryşy ret edildi


Junkeriň şahsy pikirine görä, Gresiýa görülmeli çäreleri görer, Gresiýanyň zerur bolan ähli çäreleri görjegine garamazdan, bazarlaryň bu ýurda hüjümini dowam etdirmegi tutuşlygyna ýalňyş bir hereketdir.

Junkeriň şahsy pikirine görä, Gresiýa görülmeli çäreleri görer, Gresiýanyň zerur bolan ähli çäreleri görjegine garamazdan, bazarlaryň bu ýurda hüjümini dowam etdirmegi tutuşlygyna ýalňyş bir hereketdir.

Ýewrony milli puly hökmünde kabul eden we özlerini “ýewro zonasy” diýip atlandyrýan ýurtlaryň maliýe ministrleri ykdysady krizisden aşa ejir çekýän Gresiýanyň çagyryşyny ret etdiler.

Gresiýa, bergisini töläp bilmedik ýagdaýynda, Afinyny halas etmek boýunça göz öňünde tutulýan we “ygtybarlylyk tory” diýlip atlandyrylan çäre hakda özüne jikme-jik maglumat berilmegini talap edipdi.

Gresiýanyň maliýe ministri Jorj Papakonstantino şol planyň çap edilmeginiň pul bazaryny köşeşdirmäge we ýewro garşy alnyp barylýan çaklamalardan ybarat hüjümleriň öňüni almaga ýardam etjekdigini aýtdy.

Mälim bolşuna görä, ýewronyň hümmeti häzirki döwürde dollar bilen deňeştirilende, geçen dokuz aýyň dowamynda iň pes derejä düşdi.

Gresiýanyň ministri ýewrony milli puly hökmünde kabul eden 16 ýurduň haýsydyr biri öz bergisini töläp bilmedik halatynda oňa ýardam etmek üçin bir mehanizmiň döredilmegini talap etdi.

Gresiýanyň ministri bu pikirini ýewro zonasynyň maliýe ministrlriniň duşenbe güni Brýusselde geçirilen ýygnakda öňe sürdi. Emma ministrler haýsydyr bir şeýle mehanizm barada gürrüň etmediler. Ýöne olar onuň deregine “ýewro zonasynda” durnuklylygy üpjün etmek üçin zerurlyk bolanda, aýgytly hem guramaçylykly ädimler we kesgitli plan hakda gürrüň etdiler. Emma bu çäre hakda takyk maglumat bermediler.

Şol bir wagtyň özünde-de olar Afinynyň öz planynyň işleýänligini görkezmegi üçin oňa mart aýynyň ortalaryna çenli möhlet berdiler. Bu barada ýewro toparynyň ýolbaşçysy Jean Klaude Junker şeýle diýdi: “Biz Gresiýanyň öz üstüne alan jogapkärçiligi boýunça çynlakaý hereketlere girişendigini subut etmegine garaşýarys, bu baradaky ilkinji çäre býujet ýetmezçiligini dört prosente çenli azaltmakdan ybaratdyr. Biz Ýewropa komissiýasyna bu barada iberiljek raportlaryň esasynda Gresiýanyň dogry ýoldan barýanlygyny ýa-da däldigini mart aýynyň ortalaryna çenli göz ýetireris”.

Junkeriň şahsy pikirine görä, Gresiýa görülmeli çäreleri görer, Gresiýanyň zerur bolan ähli çäreleri görjegine garamazdan, bazarlaryň bu ýurda hüjümini dowam etdirmegi tutuşlygyna ýalňyş bir hereketdir.

Jenap Junkeriň aýtmagyna görä, eger garaşylýan zatlar plana görä dowam etmese, onda “ýewro zonasy” has berkräk çäreler arkaly Gresiýanyň bergilerini azaltmaga synanyşar. Mälim bolşuna görä, Gresiýanyň bergisiniň möçberi ençeme ýüz milliard ýewro deňdir.

“Uly sapak boldy”

Ýewropa Bileleşiginiň Ykdysadyýet meseleleri boýunça komissary Oleý Rehn duşenbe güni Brýusselde eden çykyşynda Gresiýanyň defisit krizisiniň “ýewro zonasyna” uly sapak bolanlygyny aýtdy: “Bu krizisden alynmaly düýpli we esasy sapak “ýewro zonasyna” girýän ýurtlaryň ykdysadyýeti boýunça milli syýasatlara gözegçiligi has artdyrmakdan we giňeltmekden ybaratdyr”.

Oleý Rehnniň aýtmagyna görä, bu olara “ýewro zonasynda” haýsydyr bir ykdysady deňagramsyzlyga wagtynda göz ýetirmäge we makro-maliýe durnuklylygy has berk gorag astyna almaga mümkinçilik berer.”

Mälim bolşuna görä, Gresiýanyň Ýewropa Bileleşiginiň ykdysady böleginiň diňe 2,5 prosentini emele getirýänligi üçin bu ýurt regionyň maliýe syýasatynda o diýen uly güýç däl. Emma muňa garamazdan, Afiny “ýewro zonasyna” girýän beýleki ýurtlar babatynda şeýle ýagdaýa düşen agzalary halas etmek üçin nähili çäre görüljekdigini aýdyňlaşdyrmak meselesinde uly synag boldy.

Bu meselede Portugaliýa, Irlandiýa, hatda Ispaniýa we Italiýa ýaly uly ykdysady güýçleriň adyny agzap bolar. Emma şol bir wagtyň özünde Ýewropa Bileleşigi üçin şeýle ädimleri takyk yglan etmek o diýen aňsat iş däl. Sebäbi geçen ýyl güýje giren “Lissabon şertnamasy” Brýusseliň bileleşige agza ýurtlara maliýe taýdan uly möçberde gös-göni pul kömegini etmek mümkinçiligini çäklendirýär, hatda gadagan edýär.

Emma bir ýurduň beýleki ýurda ýardam etmek ýaly mümkinçiligi henizem bar, ýöne iň köp pul özünden talap ediler diýip alada edýän Germaniýa beýle çärä gatnaşmakdan çekinýär.
XS
SM
MD
LG