Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wilýam Börns Siriýanyň prezidenti bilen duşuşdy


Şu gün Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Wilýam Börns Damaskda Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen duşuşdy.

Munuň özi prezident Barak Obamanyň administrasiýasynyň Birleşen Ştatlar bilen Siriýanyň gatnaşyklaryny gowulandyrmak ugrundaky tagallalarynyň çäklerinde gurnalan duşuşyk hasaplanylýar.

Şeýle hem, şu gün bu wakanyň fonunda prezident Obama 2005-nji ýyldan soň ilkinji gezek Birleşen Ştatlaryň Siriýa boýunça ilçisini belledi. Bu wezipä Robert Ford bellenildi.

2005-nji ýylda Liwanyň premýer-ministri Rafik Haririniň janyna kast edilip öldürilmeginiň yzy bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlary özüniň Siriýadaky ilçisini yzyna çagyrypdy. Käbir syýasatçylar bu kast edişlikde Siriýany aýyplapdylar.
XS
SM
MD
LG