Sepleriň elýeterliligi

Täze kärhana açyldy welin..."welini" bar-da...


Söz bilen işiň aýry çykýandygyna daşoguzlylar ýene-de bir gezek göz ýetirdiler. 10-njy fewral güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapar bilen ugramazdan öň Daşoguz şäherine geldi we ol ýerde täze egirme-dokma fabriginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Täze kärhananyň gurulmagyny welaýatyň ýaşaýjylary kanagatlanma hem begenç duýgulary bilen kabul etdiler. Bahasy 66,5 million amerikan dollaryna barabar, ýylda 16,6 müň tonna pagta süýmüni gaýtadan işläp çykarmaly täze fabrik 500-den gowrak adamy iş bilen üpjün etdi.
Emma bu begendiriji ýagdaýdan beýleki bir gynandyryjy ýagdaý rüstem çykdy. Prezidentiň Daşoguza gelen güni howa diýsen sowukdy. Emma muňa garamazdan welaýatyň ketdeleri «adamlary prezidentiň kerweniniň geçjek ýolunyň ugruna çykarmaly» diýip, ähli edara- kärhanalaryň ýolbaşçylaryna, mekdepleriň direktoraryna buýruk berdiler.

Prezident gelmezinden bir gün öň haýsy edaranyň näçe adamy köçä çykarmalysy, haýsy mekdebiň okuwçylarynyň ýoluň haýsy böleginde durmalysy anyk kesgitlendi.

“Garaşylýan” gün gelip ýetdi

Şeýlelikde, 10-njy fewral güni uly ýaşly adamlar bilen bir hatarda mekdep okuwçylaram gara daň bilen, prezidentiň uçarynyň Daşoguz aeroportuna gonmazyndan birnäçe sagat öň aeroportdan şähere çenli uzaýan 15 kilometrlik ýoluň iki tarapynda peýda boldular.

Awtoulaglary bolan uly kärhanalar öz işçilerini ýoluň bellenen ýerine elten bolsalar, bedenterbiýe we sport komiteti, sosial -üpjünçilik bölümi, bank ýaly öz ulaglary bolmadyk edaralaryň işgärleri aýdylan ýerlere pyýada barmaly boldular.

20 gradus sowuk howada, ýalazy meýdanda iki-üç sagatlap duran adamlaryň arasynda her hili nägilelikleri eşitmek bolýardy. «Ana, prezidentiň uçary aeroporta gondy» diýlen gürrüň ýaýransoňam adamlar sowukda ýene-de birnäçe wagt üşemeli boldular, sebäbi prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguza gelen badyna aeroportuň ýörite otagynda hökümet maslahatyny geçirdi.

«Näme, hökümet maslahatyny paýtagtda geçirip bolmadymy?», «Meni garşylamak üçin çagalary meniň öňümden çykarmaň - diýen onuň özi dälmi?» - şular ýaly sowallary üşäp, titireşip duran adamlar bir -birlerine berdiler.

Sowukda bir duran ýeriňde gymyldaman dursaň, sowuk has-da güýçli täsir edýär. Birneme gezmeleseň, hereket etseň ýylylyk duýup başlaýarsyň. Emma prezidenti garşlamaga çykarylan adamlar ne duran ýerlerinden gaýdyp bildiler, ne-de hereket edip ýa-da ot ýakyp ýylanyp bildiler. Sebäbi adamlardan ýasalan «janly koridoryň» daş-töweregini polisiýa işgärleri, we raýat eşigindäki howpsuzlyk gullugynyň işgärleri gurşap aldylar. Olaryň özlerem titireşip durlar, emma şonda-da tertip-düzgüne gözegçilik etdiler, «janly koridory» ýerinde saklap bildiler.

Kerwen göründi!

Ahyry alysdan prezidentiň kerweni göründi. Adamlar, tabşyrylyşy ýaly, ellerini galgadyp, gygyrşyp, şowhun turuzdylar. Daşyndan seretseň-ä bu şowhun prezidente bagyşlanan ýalydy. Emma hakykat ýüzünde adamlaryň bu şatlykly şowhuna prezident däl-de, sowukda durmagyý soňunyň golaýlandygy sebäp boldy.

Prezidentiň Daşoguza gelip- gideni jemi iki sagatdan sähelçe köp wagty aldy. Adamlar bolsa onuň geljek ýolunda 5-6 sagatlap durmaly boldular. Bu gysgajyk iş saparyň netijesi şeýlerek boldy: täze fabrik açyldy, onlarça adam ellerini we aýaklaryny doňdurtdy, öýkenlerini sowuga aldyrdy, prezidentiň hem onuň ýerlerdäki ýaranjanlarynyň adresine nägilelik bildirýän ýiti sözler aýdyldy.

Şatlyk Öwezow daşoguzly synçy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG