Sepleriň elýeterliligi

Moskwada Stalin stdendleriň peýda bolmagyna protest bildiriler


Adam hukuklaryny goraýjylar Moskwanyň köçelerinde Stalin baradaky stdendleriň peýda bolmagyna garşy protest bildirmekçi.

“Adam hukuklary ugranda” atly hereketiň lideri Lew Ponomarýewyň pikiriçe, şeýle stdendleriň oturdylmagy Stalin repressiýasy ýyllary wepat bolan millionlarça adamyň ruhunyň depelendigi bolar.

Beýik watançylyk urşy ýyllary Staliniň oýnan roluna bagyşlanan informasion materiallary köçelerde ornaşdyrmak baradaky karary düýn Moskwanyň şäher hökümeti yglan etdi.
XS
SM
MD
LG