Sepleriň elýeterliligi

ÝUNISEF-iň baştutanlygyna ABŞ öz kandidaturasyny hödürledi


BMG-niň Çagalar fondunyň (ÝUNISEF) baştutanlygyna ABŞ öz kandidaturasyny hödürledi.

Bu ýerde gürrüň daşary syýasat boýunça ekspert, ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň öňki geňeşçisi Entoni Leýk barada barýar.

ABŞ-nyň BMG-däky wekili Sýuzan Raýs BMG-däki ençeme daşary ýurt wekillerine düýn ýörite hat ýollap, onda Leýke ÝUNISEF-iň işine uly itergi berip biljek adam hökmünde baha beripdir.

Associated Press agentliginiň habar bermegine görä, hatda 9 ýylyň dowamynda Leýkiň ABŞ-nyň Çagalar fondunyň ýolbaşçylarynyň biri bolup, ÝUNISEF bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edendigi bellenipdir.
XS
SM
MD
LG