Sepleriň elýeterliligi

Merkezi Aziýanyň DIM-leriniň orunbasarlary duşuşdy


Synçylar şeýle duşuşyklaryň zerur maglumatlary toplamak hem-de özara düşünişmek maksady bilen geçirilýändigini aýdýarlar.

Synçylar şeýle duşuşyklaryň zerur maglumatlary toplamak hem-de özara düşünişmek maksady bilen geçirilýändigini aýdýarlar.

Çarşenbe güni Almaty şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ikinji duşuşygy bolup geçdi.

Duşuşygy BMG-niň regional merkezi gurnady. Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işleriniň ähli orunbasarlary, şol sanda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew gatnaşdy. Bu barada BMG-niň wekili Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Duşuşygyň çäginde regional hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselesi masalahatlaşyldy we 2010-njy ýyl üçin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary kesgitlendi.

Şeýle-de duşuşykda Merkezi Aziýanyň suw-energetika resurslaryndan önjeýli peýdalanmak, ekologik howpsuzlyk, neşe dolanyşygyna garşy göreş, Owganystandaky ýagdaý hem-de ýadro howpsuzlygy meseleleri-de geňeşildi.

BMG-niň regional merkeziniň wekili duşuşykda gozgalan meseleleriň Türkmenistan üçin hem möhümdigini aýtdy: “Türkmenistan Owganystan bilen serhetdeş ýurt we Owganystan barada gowy inisiatiwalary kabul edýär. Türkmenistan bilen ähli ugurda gowy hyzmatdaşlygy ýola goýmak region üçin möhümdir.”

Duşuşykda seredilen meseleler region üçin iň möhüm, wajyp meseleler hasaplanylýar. Emma bu meselelere DIM-leriň orunbasaralarynyň derejesinde garalmagy hiç hili netije bermez diýip, analitikler aýdýarlar.

Suw-energetika meselesi

Gazagystanly syýasaty öwreniji Dosum Satbaýew duşuşykda seredilen meselelerden Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda çözülmegi kyn bolan suw-energetika meselesini birinji orunda goýýandygyny aýtdy.

Dosum Satbaýewiň aýtmagyna görä, Neşe dolanyşygyna garşy diňe region däl, eýsem “Şanhaý hyzmatdaşlygy guramasy”, ”Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy” ýaly strukturalar hem göreş alyp barýarlar. “Şonuň üçin hem bu ugurda az hem bolsa, netijeler göze ilýär. Emma regiondaky suw-energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda edilýan işlerde hiç hili öňegidişlik ýok.”

Golaýda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň Almatyda bolup geçen duşuşygynda bu mesele masalahatlaşyldy. Emma ýokary derejedäki duşuşyk hem hiç hili netije bermedi diýip, Satbaýew aýdýar.

Satbaýew Merkezi Aziýa ýurtlary üçin ýakyn 10 ýyllykda suw problemasy aktual bolar diýip, çak edýär. ”Sebäbi Tajigistan bilen Gyrgyzystanyň daglaryndaky buzluklaryň azalýandygy sebäpli regiondaky suwuň mukdary kemelip, regionyň dowletleriniň arasynda konfliktiň döremegine sebäp bolar”.

Syýasaty öwrenijiniň aýtmagyna görä, bu problemany çözmek üçin regionyň döwlet baştutanlary ýygnanyşyp, özara maslahatlaşyp, bir karara gelmeli. ”Elbetde, suw-energetika konsorsiumyny düzmeli diýlen teklip çykypdy. Emma bu teklip häzirlikçe durmuşa geçmedi”.

Owganystandaky ýagdaýlar

Gazagystanyň daşary işler ministriniň orunbasary Kaýrat Umarow “Kazinform” agentligine beren interwýusynda region üçin Owganystan meselesiniň örän möhümdigini, eger-de bu problema çözülmese, regiondaky ösüş we durnuklylyk barada gürrüň edip bolmajakdygyny aýtdy.

Emma syýasaty öwreniji Satbaýew Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hiç biriniň-de Owganystandaky ýagdaýlara täsir eder ýaly real mümkinçiliginiň ýokdugyny aýdýar: ”Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin Merkezi Aziýa ýurtlaryndan diňe Özbegistanyň çäkli-de bolsa, anyk gurallary we mümkinçilikleri bar. Beýleki Merkezi Aziýa ýurtlary bu prosese diňe kesesinden syn edip bilerler”.

Satbaýew, muňa mysal edip, Gazagystanda Owganystanyň problemalaryna täsir eder ýaly iş tejribesiniň-de, mümkinçilikleriniň-de ýokdugyny görkezýär.

Dosum Satbaýew ekologik howpsuzlyk meselesiniň üstünde durup, bu meseläniň hem region üçin aktuallygyna galyp gelýandigini, Aral problemasynyň çözgüdi barada regionda hiç hili karara gelinmändigini, diňe Özbegistanyň goňşularda gurulýan GES-leriň regionyň ekologiýasyna ýaramaz täsir etjekdigi barada alada edýändigini, emma şu mahala çenli bir karara gelinmändigini ýatlatdy.

Synçylar şeýle duşuşyklaryň zerur maglumatlary toplamak hem-de özara düşünişmek maksady bilen geçirilýändigini aýdýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG