Sepleriň elýeterliligi

Moskwanyň okrug prokuraturasy Reçnikdäki jaýlaryň ýykylmagyna garşy


Şu gün Moskwanyň okrug prokuraturasy paýtagtyň etegindäki Reçnik atly daçalar raýonynda hususy jaýlaryň ýykylmagy barada ýerli häkimiýetleriň çykaran kararynyň bikanundygyny mälim etdi.

Moskwanyň Günbatar Administratiw okrugynyň prokuratura edarasynyň başlygy Stanislaw Iwanow bu gürrüňi edilýän daça raýonynda käbir jaýlaryň ýykylmagy bilen baglanyşykly dört sany jenaýat işiniň gozgalandygyny aýtdy.

Ýerli prokuratura edarasy bu meselä ýakynda, 4-nji fewralda prezident Dmitriý Medwedewiň Ýokary suda hem-de prezident administrasiýasyna beren ýörite görkezmesinden soň garap başlapdy.
XS
SM
MD
LG