Sepleriň elýeterliligi

Timoşenkonyň syýasy partiýasy Wiktor Ýanukowiçi aýyplaýar


Şu gün Ukrainanyň premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkonyň syýasy partiýasy Wiktor Ýanukowiçi häkimiýete bikanun eýe bolmak synanyşygynda aýyplap, beýanat ýaýratdy.

Premýer-ministriň orunbasary Oleksandr Turçinow bu partiýanyň internet saýtynda bu barada ýerleşdiren beýanatynda Wiktor Ýanukowiçiň prezidentlige inagurasiýa edilmegine döwlet häkimiýetini bikanun eýelemek hökmünde baha beriljekdigini nygtapdyr.

Ukrainada 7-nji fewralda geçirilen ikilenji tapgyr prezidentlik saýlawlarynda Wiktor Ýanukowiçiň öz garşydaşy Ýuliýa Timoşenkodan ep-esli artykmaç ses alyp, ýeňiş gazanandygyna garamazdan, Ýuliýa Timoşenko saýlawlarda galplyklara ýol berlendigini aýdyp, bu mesele boýunça şikaýat bilen ýurduň ýokary suduna ýüz tutdy.

Bu mesele boýunça sud diňlenişigi şu hepdäniň anna güni başlanar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG