Sepleriň elýeterliligi

Ors parlamentiniň spikeri Staliniň suratlaryny asmak boýunça planlara garşy


Şu gün Orsýetiň parlamentiniň spikeri Boris Gryzlow Moskwanyň şäher häkimiýetleriniň Ýeňiş baýramynyň 65 ýyllygy mynasybetli Iosif Staliniň suratlaryny asmak planlaryny tankytlap çykyş etdi.

Döwlet Dumasynyň hem-de ýurduň dolandyryjy Ýedinaýa Rossiýa partiýasynyň Ýokary geňeşiniň başlygy Boris Gryzlow Staliniň suratlaryny bezeg hökmünde ulanmak planyny oýlanşyksyz we ýerliksiz plan hökmünde tankyt etdi.

Moskwanyň häkimiýetleriniň bu planyna ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistler hem protest bildirip, çykyş etdiler.

Ýakynda Orsýetde ilat arasynda geçirilen pikir soraýyşlyklar Staliniň milli gahrymanlaryň hatarynda 5-nji orunda durýandygyny görkezdi.
XS
SM
MD
LG