Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda oppozision partiýalar döredilip bilner


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda oppozision partiýalaryň döredilmegine resmi taýdan rugsat beriljekdigini aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi habar berýär.


18-nji fewraldaky Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde çykyş eden prezident Berdimuhamedow, türkmen jemgyýetiniň demokratiýalaşdyrylmagynyň ähmiýetine degip geçip, şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda islendik adama syýasy partiýa gurmaga rugsat beriljekdigini aýtdy.

Prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşarky dünýä açylmagy babatda demokratiýanyň möhümdigini aýdyp, döwlet bähbitlerini göz öňünde tutjak oppozision partiýalaryň hasaba alynjakdygyny mälim etdi.

Türkmen prezidenti oppozision partiýalaryň döredilmeginiň ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşy üçin möhüm waka boljakdygyny belledi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda resmi taýdan hasaba alnan ýeketäk partiýa bolan Türkmenistanyň demokratiki partiýasy (TDP) hereket edýär.

TDP 1991-njy ýylda Türkmenistan garaşsyzlygyny alanyndan soň ýurduň Kommunistik partiýasynyň ýerine döredildi we oňa ilki başda Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow ýolbaşçylyk etdi.

Nyýazowyň 2006-njy ýylyň dekabr aýynda aradan çykmagy bilen 2007-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň prezidenti wezipesine saýlanan Gurbanguly Berdimuhamedow bu partiýanyň täze ýolbaşçysy boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG