Sepleriň elýeterliligi

18-nji fewralda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda gaýry partiýalaryň-da döredilmegine rugsat berilmelidigi barada çykyş etdi.

Türkmen prezidentiniň bu aýdan sözlerini sähel salymyň içinde dünýä metbugaty alyp göterdi. Dünýäniň abraýly internet gazetleri Gurbanguly Berdimuhamedow bu sözlerini mysal getirip, saýtda gyssagly makalalaryny goýdular.

1991-nji ýylda Türkmenistan garaşsyzlygyny alany bäri, şu çaka çenli ýurtda diňe bir partiýa - Türkmenistanyň demokratik partiýasy hereket edip gelýärdi.

Ýurtda beýleki partiýalaryň bolmazlygyny bolsa, döwlet başynda oturanlar Türkmenistanda hiç bir oppozision güýjüň ýoklugy bilen düşündirýärdiler.

Elbetde, türkmen lideriniň 18-nji fewralda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gaýry partiýalaryň döredilmegine rugsat bermegi juda begendiriji waka. Dünýä mediasy bu wakany demokratiýa tarap bir ädim diýip belleýär. Ýöne aýdylan sözler iş ýüzünde nähili amala aşyrylarka? Ynha, esasy meselese şundan ybarat bolup durýar.

1998-nji ýylda ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow hem Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň birinde ýurtda oppozision partiýalaryny döretmäge arkaýyn rugsat berýändigini aýdyp çykyş edipdi.

Ýurduň prezidentiniň bu sözlerinden ugur alyp hereket eden Türkmenistanda hasaba alynmadyk «Demokratik ösüş partiýasynyň» lideri Durdymyrat Hojamuhammedow öz partiýasyny Adalat ministrliginde registrasiýa etdirmek isläpdi. Emma «Demokratik ösüş partiýasy» hasaba alynmady, onuň lideri Durdymyrat Hojamuhammedow bolsa bu hereketleri üçin temmi alypdy.

Onsoňam, ýurtda gaýry partiýalara rugsat berläýende-de ol partiýalar neneň-niçik partiýalar bolarka? Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň çagasy boljakmy, ýa jübi partiýasy? Ýa-da, hakykatdanam, oppozision partiýasy? Bu sowallara heniz anyk jogap bermek juda kyn. Galanynam, elbetde, wagt görkezer...

Döwlet Hojamedow aşgabatly inteligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG