Sepleriň elýeterliligi

19-njy fewral - Türkmenistanda esasy baýramçylyklaryň bellenilýän güni. Ol gün tutuş ýurtda Döwlet baýdagynyň güni uly şatlyk-şagalaň bilen bellenilýär. Ýurduň paýtagtynda dürli çäreler geçirilip, konsertler, dabaralar guralýar. Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Olimpiýa stadionynda bolsa köpçülikleýin çäre geçirilýär.

Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni ilkinji gezek 1993-nji ýylda dabaraly bellenildi. Döwlet baýdagynyň gününiň hut 19-njy fewralda bellenilmegine şol wagtlar sagdyn pikir ýöredýänler juda garşy bolupdylar. Sebäbi 19-njy fewral güni ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň doglan günüdi. Döwlet nyşanynyň haýsydyr bir şahsyýetiň doglan gününiň senesi bilen gabat getirilmegini şol sagdyn pikirliler hiç bir çäge sygmaýan zat hökmünde delillendiripdiler. Emma Saparmyrat Nyýazow, bu meselede özüne garşy durandyklaryna garamazdan, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi hut öz doglan gününiň senesinde bellenilmegini gazanmagy başardy.

1993-nji ýylda ilkinji gezek dabaraly ýagdaýda bellenilen Döwlet baýdagynyň gününde Saparmyrat Nyýazow uly banket etdi. Dezintegrasiýa sebäpli, ýurduň ykdysady krizisde bolandygyna garamazdan, şol gün saçaklar gaty baý bezeldi. Halkyň iýmäge bir döwüm çöregi zordan tapýan mahalynda, Saparmyrat Nyýazowyň doglan günündäki banket saçagynda guşuň süýdünden başga zady görmek bolýardy.

Şol ýyldan soň 19-njy fewral güni başga röwşe beslenip ugrady. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni ikinji plana geçirildi. Ýurduň mediasy 19-njy fewral gününi Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň doglan güni hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramy diýip habar berip başlady. Ýagny, bu baýramçylyk gününde Saparmyrat Nyýazowyň ady birinji getirildi. Şol senä gabatlap, her ýylda Türkmenistanyň çäginde Saparmyrat Nyýazowyň heýkelleriniň açylyş dabaralary geçirildi. Mediada, Döwlet baýdagy hakda däl-de, esasan, Saparmyrat Nyýazowyň şahsyýetine degişli köp öwgüli söhbetler edilip başlandy.

2000-nji ýylda Saparmyrat Nyýazowyň 60 ýaş ýubileý gününde 19-njy fewral güni has-da şowhunly bellenildi. Ýurduň ilkinji prezidentiniň doglan güni mynasybetli, birnäçe täze desgalar açyldy. Ol desgalaryň ählisiniň açylyşyna hut Saparmyrat Nyýazowyň özi gatnaşdy. Her ýylyň 19-njy fewralyna gabatlap ýurtda gurlan täze binalary açmaklyk şondan soň ýoň bolup başlady. Bu endik häli-häzire çenli hem dowam edýär.

2006-dan soň

2006-njy ýylda Saparmyrat Nyýazowyň aradan çykmagy bilen, türkmen ideologiýasy 19-njy fewral gününe başgaça çemeleşip başlady. 2007-nji ýylda 19-njy fewral güni ozalkylar ýaly, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň doglan güni hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramy diýlip däl-de, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramy hem-de Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň doglan güni diýlip bellenildi, ýagny Saparmyrat Nyýazowyň ady ikinji plana geçirildi.

Saparmyrat Nyýazowyň şahsyýet kultunyň ýuwaş-ýuwaşdan ýok edilip başlanmagy netijesinde 2008-nji ýylda bellenilen Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramynda Saparmyrat Nyýazowyň ady asla aýryldy.

Şu ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň doglan gününe 70 ýyl dolýar. Emma türkmen ideologiýasy bu meselede ýagşydan-ýamandan hiç zat agzamaýar. Bu ýyl 19-njy fewralda diňe Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe esasy üns çekilýär.

Saparmyrat Nyýazowyň kulty bilen bagly Türkmenistanda alnyp barylýan syýasatyň netijesinde, diňe bir Türkmenbaşynyň däl, eýsem onuň ejesidir kakasynyň hem kultunyň köküne palta uruldy. Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky Zenanlar guramasy indi diňe Türkmenistanyň Zenanlar guramasy diýlip atlandyrylýan bolsa, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky uruş weteranlarynyň geňeşi hem Türkmenistanyň uruş weteranlarynyň geňeşi diýlip atlandyrylýar. Ýurtda zenanlara niýetlenilip neşir edilýän “Gurbansoltan eje” žurnalynyň ady “Zenan kalby” diýlip çalşyryldy. “Atamyrat” atly žurnal bolsa, asla ýatyryldy. Bu ýönekeýje mysallar. Şuňa meňzeş mysallary başga-da näçe getirseň getirip oturmaly.

Resmileriň Saparmyrat Nyýazowyň doglan güni hakda üç ýyl bäri hiç bir sözi agzamaýandyklaryna garamazdan, bu senäniň ilat arasynda Saparmyrat Nyýazowyň doglan güni bilen assosirlenýändigini anyk aýtmak gerek. Ilat köpçüligi henizem 19-njy fewral gününi Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni diýip agzaman, Türkmenbaşynyň doglan güni diýýär.

Hut şu mesele hem häzirki resmileri alada goýýar. Olar Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi başga bir senä geçirmek barada her dürli pikirleri hem oýlanyp görýärler. Iki aý mundan öň bolsa ilat arasyna Döwlet baýdagynyň gününiň başga bir senä geçiriljekdigi hakynda myş hem ýaýrady. Bu myşlaryň aňyrsynda hakykatyň näderejededigini anyk aýtmak kyn. Ýöne ilatyň arasyna “Bitaraplyk binasy göçüriljekmiş” diýen myş-a aňyrsy bir ýyla ýetmän, hakykat bolup çykypdy.

Ýöne ýurtda Saparmyrat Nyýazowyň kulty bilen bagly ikiýüzli syýasatyň alnyp barylmagy henizem dowam edýär. Şonuň üçin-de Döwlet baýdagynyň gününi başga senä geçirmek babatda hem biraz ýaýdanylýana meňzeýär. Bir tarapdan-a, käbir bähbitler öňe tutulyp, Saparmyrat Nyýazowyň kulty aldygyna weýran edilýär, emma dünýä jemgyýetçiliginiň göni tankydyna düşülmejek bolnubam, ýurtda öňki prezidentiň abraýy saklanylýan ýaly ýasama görnüş döredilýär. Şu ikiýüzli syýasaty ýöredýändikleri sebäpli hem, şu wagtky hökümet kalendardaky üç seneden, ýagny Nyýazowyň doglan gününi ýatladýan 19-njy fewraldan, “Ruhnamanyň dörän” güni bolan 12-nji sentýabrdan hem-de Saparmyrat Nyýazowyň aradan çykan güni bolan 21-nji dekabrdan saplanyp bilenok.

Rozymyrat Ödäýew türkmenistanly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG