Sepleriň elýeterliligi

Owganystdanda halkara güýçlerinden 4 esger heläk boldy


Owganystanyň günortasynda talyplara garşy geçirilýän harby operasiýanyň gidişinde NATO-nyň baştutanlygyndaky halkara güýçlerden 4 esger heläk boldy.

Düýn üç esgeriň mina partlamasyndan, biriniň duşman okundan ölendigi habar berilýär.

NATO komandowaniýesi heläk bolanlaryň milli degişliligi barasynda maglumat bermeýär, ýöne Britaniýanyň Goranmak ministrligi ölenleriň arasynda iki britan esgeriniň bardygyny mälim etdi.

Täze ýitgiler Owganystanyň günortasyndaky Marja etrabynda dowam edýän operasiýada koalision güýçleriň eýýäm 9, Owganystanyň hökümet güýçleriniň bir harby ýitirendigini aňladýar.

Gilmend welaýatynda “Talybana” garşy operasiýa şenbe güni başlanypdy.
XS
SM
MD
LG