Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ-nyň Teksas ştatynda 7 gatly jaýa uçar gelip urdy


Teksas ştatynyň Ostrin şäherinde 7 gatly jaýa iki motorly uçaryň gelip urmagy netijesinde iki adam ýaralanp, bir adam at-dereksiz ýiten hasap edilýär.

Uçaryň baryp uran jaýynyň golaýynda ABŞ-nyň Federal derňew býurosynyň ýerleşýändigini France Press habar agentligi belleýär.

Kanun goraýjy organlar bu wakany terakt bilen häzirlikçe baglanyşdyrmaýarlar.

Zeper ýeten jaýda ýerli salgyt gulluklarynyň biriniň ýerleşýändigini, penşenbe gününe geçilen gije samolýoty süren adamyň öýüniň ýanandygyny Fox News habar berdi.
XS
SM
MD
LG