Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýet BMG-niň adam hukuklaryna degişli hasabatynyň çap edilmegine garşy


BMG-niň adam hukuklary boýunça Geňeşindäki Orsýetiň wekili Wladimir Jeglow adamlary saklamak üçin gizlin merkezler baradaky hasabatyň guramanyň saýtyndan aýrylmagynyň zerurdygyny aýtdy.

Jeglowyň sözlerine görä, BMG-niň garaşsyz ekspertler topary tarapyndan taýýarlanan hasabat BMG-niň resmi dokumenti hökmünde çap edilip bilinmez.

Ol Kawkazdaky gizlin obýektler barada gürrüň berýän şol doklady “konfrontasiýa häsiýetli” atlandyrdy.

Ekspertler tarapyndan ýygnalan maglumatlar ýene-de ençeme ýurdy, şol sanda ABŞ we Beýik Britaniýany tankytlaýar.

Hasabaty geljek aý Geňeşiň mejlisinde ara alyp maslahatlaşmagy amerikaly we ýewropaly diplomatlar teklip etdiler.
XS
SM
MD
LG