Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde IIM-niň sistemasyndan 17 general boşadyldy


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew IIM-niň sistemasyndan 17 generaly we bir polkownigi boşatdy.

Prezidentiň permany bilen IIM-niň iki orunbasary wezipesinden boşadylyp, olaryň ýerine şu wagta çenli prezident apparatynda işleýän adamlar bellendi.

Düýn irden Medwedew IIM-niň işini reforma etmek boýunça kanun proýektini Döwlet Dumasyna hödürledi hem IIM-niň merkeze tabyn bölümleriniň işgärlerini 10 müň adama çenli azaltmagy teklip etdi.
XS
SM
MD
LG