Sepleriň elýeterliligi

Ermeni we azeri harbylarynyň arasynda bolan atyşykda azeri esgerleri öldi


Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi düýn dawaly Daglyk-Garabag regionynyň serhetlerine golaý ýerde ermeni we azeri harbylarynyň arasynda bolan atyşykda Azerbaýjanyň üç sany esgeriniň ölendigini habar berdi.

Azerbaýjanyň resmileri bu atyşygyň ýüze çykmagynda Ermenistanyň harbylaryny aýypladylar.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi bu çaknyşykda ermeni harbylarynyň hem ýitgi çekendigini öňe sürdi. Ýöne Daglyk-Garabag regionyny dolandyryjy ermeni häkimiýetleri öz taraplarynda nähilidir bir ýitginiň bolandygyny inkär etdiler.
XS
SM
MD
LG