Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Päkistan we Owganystan boýunça ýörite wekili Daşkende bardy


Şu gün Birleşen Ştatlaryň Päkistan we Owganystan boýunça ýörite wekili Riçard Holbruk Daşkentde Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow bilen duşuşdy.

Birleşen Ştatlaryň Daşkentdäki ilçihanasy Riçard Holbruk bilen Yslam Karimowyň bu duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň dürli ugurlary, şol sanda, Owganystana berilýän halkara ýardamlary barada-da pikir alşandyklaryny habar berýär.

Birleşen Ştatlaryň ýörite wekili Riçard Holbruk Merkezi Aziýa saparynyň barşynda Gyrgyzstana, Täjigistana, Türkmenistana we Gazagystana-da sapar etmekligi planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG