Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Medwedew polisiýa reformasyny yglan edýär


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew we içeri işler ministri Raşid Nurgaliýew Içeri işler ministrligindäki duşuşykda, Moskwa, 18-nji fewral, 2010-njy ýyl.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew we içeri işler ministri Raşid Nurgaliýew Içeri işler ministrligindäki duşuşykda, Moskwa, 18-nji fewral, 2010-njy ýyl.

Medwedew şeýle hem polis güýçleriniň hatarynda düzgün-nyzamy güýçlendirmegi wada etdi. Edilmeli ýene bir iş-de korrupsiýa garşy aýgytly göreş alyp barmak.

“Içeri işleri ministrliginiň işgärleriniň jogapkärçiligi her bir derejede artdyrylmaly. Men bir polis işgäri tarapyndan edilen jenaýata aýratyn agyr jenaýat işi diýip garalmagyny teklip etdim” diýip, Medwedew aýtdy.

Ors prezidenti ministrligiň baş edarasyndaky işgärleriň sanyny 20 müňden 10 müňe getirmegi buýrandygyny belläp, ministrligiň ýokary derejeli işgärleriniň arasynda hem özgerişleriň boljakdygyny bildirdi. Ol polis işgärleriniň hem 2012-nji ýylyň başyna çenli bäşden biriniň azaldylmagyny buýurdy.

Täze kanun parlamente hödürlener

Medwedew şeýle hem premýer-ministr Wladimir Putiniň hökümetine ýurduň polis güýçlerini kadalaşdyrmak barada 1-nji dekabrdan aňry geçirmän, täze kanun taslamasyny düzüp, parlamentiň garamagyna bermegi buýurdy.

Prezident Içeri işleri ministri Raşid Nurgaliýewe hem ministrligiň içindäki korrupsiýa garşy göreşmeli bölüme täze plan taýýarlamak üçin bir aý möhlet belledi: “Düzgün-nyzamy bozýan polis işgärleri jezalandyrylmaly – hem-de agyr jezalandyrylmaly. Kanuny ýollar bilen çykarylan buýruklary ýerine ýetirmeýänler jenaýatkär”.

Ors prezidenti gepläp durka çykarylan bäş sahypalyk beýannamada prezidentiň görülmeli beýleki çäreler barada hem permana gol çekenligi bildirildi. Şol ýerde bellenilişine görä, çet ýurtlylary ýurtdan çykarmak, maşynlary barlamak indi Içeri işleri ministrliginiň wezipesine girenok.

Soňky wagtlar ýiti tankytlandy

Ors polisi soňky wagtlarda parahorlukda, öz wezipesinden galp peýdalanýanlykda aýyplanyp, ýiti tankyt astynda düşdi. Adam hukuklary toparlarynyň aýtmagyna görä, aýlyk kwotany doldurmak üçin, polis işgärleriniň adamlary gynamagy, gorkuzmagy, şaýatlaryň görkezmelerini galplaşdyrmagy, adamlary ýersiz-ýere tutmagy indi adaty ýagdaýa öwrülipdir.

Soňky wagtlarda polis tarapyndan bolan gazaply wakalar hem bir çäre görmegi barada Kremle görkezilýän gysyşyň artmagyna getirdi. Mysal üçin öten ýylyň aprel aýynda Moskwanyň bir polisiýa bölüminiň başlygy Denis Ýewsýukow bir supermarketde iki adamy atyp öldürdi, ýedi adamy hem ýaralady.

Şu gün Moskwanyň şäher sudy Denis Ýewsýukowy iki adamy atyp öldürmekde günäli tapyp, ony ömürlik türme tussaglygyna höküm etdi.
XS
SM
MD
LG