Sepleriň elýeterliligi

Fransuz kitaphanasy Kasanowanyň ýatlamalaryny satyn aldy


Fransiýanyň milli kitaphanasy wenesiýaly Jiakoma Kasanowanyň ýatlamalaryny satyn aldy.

Bu ýatlamalar ilki Ikinji jahan urşunda ýitendir öýdülipdi.

Kasanowanyň «Meniň ömür hekaýam» atly ýatlamasynyň 3700 sahypadan ybarat golýazmasy 1945-nji ýylda ýaran goşunlar Leýpsigi bombalamazyndan öň onlarça gapyrjaga salnyp, buky ýere geçirilen eken.

Kitaphananyň başlygy Bruno Rasin Kasanowanyň ýatlamasynyň dünýäde iň köp satylan kitaplaryň biridigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG