Sepleriň elýeterliligi

Morokkoda ýykylan minara 40 adamy öldürdi


Morokanyň gadymy şäheri Meknesde ýerleşýän metjidiň minarasynyň ýykylmagy, aýdylmagyna görä, 40 çemesi adamy öldürip, 70 töwregi adamy ýaradar etdi.

Resmiler metjidiň minarasy bilen üçeginiň bir bölegi dindarlaryň üstüne gaýdanda ol ýeriň juma namazyna gelen adamlardan doly bolandygyny aýdýarlar.

Içeri işler ministrligi tarapyndan ýaýradylan beýanatda metjidiň minarasynyň çökmegine agyr ýagan ýagyşyň sebäp bolandygy aýdylýar. Ol minara 4 asyr mundan öň gurlupdyr.

Morokkanyň şasy Mohammad ol minaranyň edil öňküsi ýaly edilip dikeldilmegini buýurdy.
XS
SM
MD
LG