Sepleriň elýeterliligi

Golland hökümeti Owganystan üstünde dargady


Owganystandaky golland goşunlaryny ol ýerden çykarmak baradaky meselede oňuşmazlyk Gollandiýanyň koalision hökümetiniň dargamagyna getirdi.

Golland goşunlary Owganystandan plan boýunça şu ýylyň awgustynda çykarylmaly.

Premýer ministr Ýan Piter Balkenende 16 sagat çemesi dowam eden gepleşiklerden soň hökümetiň dargaýandygyny yglan etdi.

NATO Gollandiýadan Owganystanyň Uruzgan welaýatyndaky 2000 esgerini ol ýerde saklamagy sorady. Balkenendäniň Hristian Demokratik ýaranlygy golland goşunlarynyň azaldylan bölegini goşunyň çykarylmaly möhletinden soň hem Owganystanda saklamagyň tarapyny tutdy.

Emma ýurduň Zähmet partiýasy muňa garşy çykdy we Gollandiýanyň Owganystandaky missiýasyny planlaşdyrylan möhletinde soňlamaga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG