Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

21-nji fewral – ene dilleri goramagyň halkara güni


Soňky geçirilen barlaglara görä, dünýädäki kiçi diller ýyl-ýyldan azalyp barýar. Bu elbetde, howply ýagdaý.

Adamzat aragatnaşygynyň iň möhüm serişdesi bolan dil milli medeniýetiň aýrylmaz bölegi saýylýar. Ol medeniýet näçe köpdürli boldugyça, şonça-da owadan bolýar. Ýöne şol medeniýet öz dürlüligini ýitirýär.

Biz öz taryhymyza ýüzlensek, çärýek asyr mundan ozal Türkmenistanda özbek hem gazak dillerindäki mekdepler bardy. Daşoguzda özbek dilinde, öňki Krasnowodskide bolsa gazak dilinde gazet çap edilýärdi.

Geçen asyryň başynda Aşgabatda azerbaýjan hem ermeni dillerindäki mekdepler bolupdyr hem şol dillerdäki medeni merkezler, hatda teatrlar hereket edipdir.

90-njy ýyllarda buluç dilinde okuw kitabyny çykarmak hakynda mesele gozgalypdy. Häzir bolsa Türkmenistanda şol dillerden diňe türkmen hem rus dilleri saklanyp galdy. Sebäbi biz beýleki dilleri-hä däl, öz ene dilimizi-de kada laýyk gorap bilmedik.

Bu ugurda soňky ýyllarda birnäçe gowy öňegidişlikler boldy. Golaýda Aşgabatda Türkmen diliniň meseleleri barada halkara ylmy konferensiýa geçirildi. Şeýle-de bolsa bu ugurda edilmeli işler az däl.
XS
SM
MD
LG