Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dilim bar – ilim bar!


Her ýylyň 21-nji fewralynda dünýäde Halkara Ene dili güni bellenilýär.

Dünýä derejesinde bu günüň bolmagy türkmenler üçin örän möhüm. Sebäbi biziň Ene dilimiz ýap-ýaňylaram ýanalýan, öz topragynda hukuklary çäklendirilen dildi. Bu kynçylyklar biziň başymyzdan azda-kände sowulsa-da, ol entek Eýran, Owgan, Yrak türkmenleriniň başynda bar. Şonuň üçinem olar bu ugurdan biziň goldawymyza mätäç.

Eýse, olaryň ýagdaýyna göz ýummaga biziň ahlak hukugymyz barmy? Türkmenistanda-da sowet döwründe ýagdaý şolaryňka ýalydy. Türkmen dili formal hukuklara eýe bolsa-da, iş ýüzünde aşaklykdan bogulýardy, erkin ösüşden mahrumdy. Gaýgysyz Atabaýyň döwründe ene dilimize döwlet dili statusy berilse-de, soňra ýagdaý düýpli üýtgedi. SSSR-iň soňky onýyllyklarynda türkmen dili döwlet işlerinden doly çetleşdirildi we soňabaka diňe ikinji derejeli adamlaryň diline öwrüldi.

Elbetde, öňdebaryjy türkmen intelligensiýasy bu tendensiýa başardygyndan mydama garşy durup geldi. Üýtgedip gurmak döwründe bolsa Ene dilimiziň hukuklary ugrunda açyk göreş başlandy. 1989-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda bu ugurda ”Türkmen dilini goramak boýunça jemgyýet” döredildi we türkmen intelligensiýasynyň hem ”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketiniň bilelikdäki göreşi netijesinde türkmen diline ahyry döwlet dili statusy berildi.

Emma SSSR ýykylansoň, ýurtda başisitik diktaturanyň emele gelmegi türkmen diliniň ýagdaýyny öňküdenem kynlaşdyrdy. Neostalinçilik zulum halka öz doga dili, medeniýeti hakda alada etmäge ýol bermedi, garaşsyzlyk döwründe adamlar güzeran dolandyryp bilseler kaýyl boldular. Häkimiýetler, döwlet edaralary halkyň agyr ýagdaýyndan özleriçe peýdalandylar hem türkmen diliniň doly bahaly döwlet diline öwrülmegine ýol bermediler. Türkmen dilinde zerur okuw kitaplarynyň çykmagy gijikdirildi, wagtynda zerur professional kadrlar ýetişdirilmedi, söz we metbugat azatlygy, türkmençe edebi-çeper kitaplar, ýazyjylar köpçülikleýin gadagan edildi. Galyberse-de, döwlet derejesinde ýaranjaňlyga ýol açylyp, ene dilimiz ýaranjaňlaryň kethudalary öwýän diline öwrüldi, bu-da dili göýdük etdi.

Häzirki ýagdaý

Bu ýagdaý S.Nyýazowdan soň düzeler öýdülipdi, emma, gynansagam, bu ugurda häzirem düýpli üýtgeşiklik ýok. 2007-nji ýylda döwlet başyna gelen prezident G.Berdimuhamedowyň döwründe-de agyr ýagdaýdaky türkmen medeniýetini, aýratynam türkmen metbugatyny we edebiýatyny çynlakaý janlandyrmak üçin zerur işler edilenok. Gaýta prezidentiň özi-de, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň degişli maddalaryny bozup, halkara derejedäki çykyşlaryny döwlet dilinde däl-de, eýse başga dilde edýär. Bu ädimi bilen prezident halkara derejesinde-de, ýurduň içinde-de türkmen diliniň abraýyny gaçyrýar we türkmen ýaşlaryna nädogry görelde görkezýär.

Deslapky senzuranyň ýatyrylmazlygy, söz we metbugat azatlygynyň gadagan edilmegi türkmen dilini, edebiýatyny we medeniýetini döwrebap ösüşden saklaýar. Hut şol sebäpdenem prezident her näçe tankyt etse-de, türkmen metbugaty, telewideniýesi we radiosy düzelenok, düzelibem bilmez.

Eger senzuranyň birehim tüýlek penjelerini türkmen metbugatynyň, edebiýatynyň, medeniýetiniň bokurdagyndan aýyrmasaň, onda hassanyň, dogrusy, bärsinden aňyrsy has ýakyn! Erkin metbugat, çeper edebiýat, gülläp ösýän medeniýet bolmadyk ýurtda dil ýaşabam, ösübem, halkyň guwanjyna, buýsanjyna öwrülibem bilmez. Ýöne bu ýönekeý hakykata düşünmek üçin, meger, öz Ene diliňi häkimlik kürsüsinden ileri tutmaly bolsa gerek.

Ak Welsapar Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG