Sepleriň elýeterliligi

Portugaliýanyň Madeýra adasynda sil heläkçiligi ýüze çykdy


Portugaliýanyň häkimiýetleri şu gün ýurduň kurort adasy bolan Madeýra adasynda ýüze çykan sil heläkçiliginde azyndan 40 adamyň ölüp, 100-den gowrak adamyň hem dereksiz ýitendigini mälim etdiler.

Güýçli ýagynyň netijesinde dörän silden hem-de toprak süýşgüninden ejir çeken adamlara ýardam bermek we halas ediş işlerini ýola goýmak maksady bilen, Portugaliýanyň häkimiýetleri ýurduň bu adasyna halas ediş toparlaryny we gumanitar ýardamlary ugratdylar.

Atlantika okeanyndaky Madeýra adasy Portugaliýanyň esasy territoriýasyndan 900 kilometr töweregi uzaklykda ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG