Sepleriň elýeterliligi

Hytaýyň iki sany okuw jaýy Google’a hüjüm etmändiklerini aýdýar


Şu gün Google internet saýtyna elektron hüjüm etmekde aýyplanylýan Hytaýyň iki sany okuw jaýy özlerine bildirilýän bu aýyplamalary ret etdiler.

Hususan-da, Hytaýyň «Ksinhua» döwlet habar agentligi Google internet saýtyna elektron hüjüm etmekde aýyplanylýan Şanhaý şäherindäki Jiatong uniwersiteti bilen Lanksiang professional kollejiniň bu aýyplamalary ret edendiklerini habar berdi.

Geçen hepde «New york times» gazeti şu ýylyň ýanwarynda Google saýtyna edilen hüjümler boýunça geçirilen derňewleriň netijesinde Hytaýdaky hut şu iki sany okuw jaýynyň kompýuterleriniň ulanylandygynyň anyklanandygy barada maglumat çap etdi.
XS
SM
MD
LG