Sepleriň elýeterliligi

Timoşenko prezident saýlawlary barada suda eden şikaýatyny yzyna aldy


Düýn giçlik Ukrainanyň premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanan Wiktor Ýanukowiçe garşy Ýokary administratiw suduna beren şikaýat arzasyny yzyna aldy.

Ol munuň sebäbini Ukrainanyň sudunda adalatly hökümiň çykarylmagyna umyt etmeýändigi bilen düşündirdi.

Ýuliýa Timoşenko öz şikaýat arzasyny yzyna alandygyna garamazdan, saýlawlarda özüniň ýeňlendigini henizem resmi taýdan ykrar etmeýär.
XS
SM
MD
LG