Sepleriň elýeterliligi

Riçard Holbruk Merkezi Aziýa saparyny tamamlady


Şu gün Birleşen Ştatlaryň Pakistan we Owganystan boýunça ýörite wekili Riçard Holbruk Gazagystanyň paýtagty Astana sapar etmek bilen, özüniň Merkezi Aziýa regionyna saparyny tamamlady.

Mundan ozal Riçard Holbrugyň Merkezi Aziýa regionyna saparynyň barşynda Türkmenistana hem sapar etjekdigi habar berlen-de bolsa, «Assoşieýted-Press» habar agentliginiň şu günki maglumatynda Riçard Holbrugyň Türkmenistana sapar edip-etmändigi barada hiç hili maglumat berilmeýär.

Düýn, hepdäniň şenbe güni Täjgistana eden saparynda Riçard Holbruk ýurduň ýolbaşçylary bilen regiondaky suw we energiýa resurslary bilen baglanyşykly meseleler barada pikir alşandygyny aýdypdy.
XS
SM
MD
LG