Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýrana garşy basyşlar hasam artdyrylýar


Amerikanyň Birleşen Ştatlary Eýrany öz ýadro programmasyny goýbolsun etmäge mejbur etmek üçin öz basyşyny barha artdyrjakdygyny mälim etdi.

Ýokary derejeli amerikaly harby ýolbaşçy General Petraus 21-nji fewralda eden çykyşynda, “mundan beýläk Waşingtonyň we halkara jemgyýetçiliginiň Eýrana öz ýadro programmasy bilen bagly meseläni diplomatik ýollar arkaly çözmäge pursat bermänligini aýtmaga hiç kimiň dili barmaz” diýdi.

Ady agzalýan ýolbaşçy mundan beýläk Eýran bilen bagly “basyş ýolunyň” saýlanyp alnanlygyny sözüniň üstüne goşdy, emma ol bu barada jikme-jik maglumat bermedi.

Prezident Obamanyň administrasiýasy Tähran bilen bagly iki ugurly syýasatyň alnyp baryljakdygyny, şeýlelik-de, bir tarapdan eýranly ýolbaşçylar bilen gepleşikleriň dowam etdiriljekdigini we beýleki tarapdan hem, zerur bolan halatynda, sanksiýalary barha artdyrmak barada duýduryş bermegi dowam etdirjekdigini mälim edipdi.
XS
SM
MD
LG