Sepleriň elýeterliligi

Talyplaryň ýokary derejeli ýolbaşçysy tussag edildi


Päkistanyň howpsuzlyk güýçleriniň aýtmagyna görä, Owganystandaky talyplaryň ýokary derejeli ýolbaşçylaryndan biri we şol ýurduň Nangrahar welaýatynyň öňki häkimi Mulawi Kabir tussag edildi.

Bu habary düýbi Birleşen Ştatlarynda ýerleşýän Foks Telekanaly ýokary derejeli iki amerikaly harby wekile salgylanyp ýaýratdy.

Aýdylşyna görä, ady agzalýan talyp wekili Päkistanyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan bu ýurduň Now Şehre regionynda ele salnypdyr.

Ýakynda tussag edilen beýleki bir talyp ýolbaşçysy Molla Baradaryň maglumaty esasynda Kabiriň tussag edilenligini çak edýänler hem bar.
XS
SM
MD
LG