Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada premýer-ministrlige ähtimal kandidatlar yglan edildi


Ýakynda geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazanan ukrainaly ýolbaşçy Wiktor Ýanokuwiç premýer-ministr wezipesi boýunça hödürlenäýmegi mümkin üç kandidatyň adyny agzady.

Ol “Ukraina” telekanalynda görkezilen interwýusynda, käri boýunça biznesmen Sergiý Tigipkowyň, Ukrainanyň öňki daşary işler ministri Arseniý Ýatsenýugyň we öz Regionallar partiýasynyň agzasy we öňki maliýe ministri Mykola Azarowyň bu wezipä hödürlenäýmegi mümkin kandidatlardygyny aýtdy.

Tigipko bilen Ýatsenýuk özlerini pragmatik ýolbaşçylar hökmünde öňe sürüp, zerur bolan halatynda Ukrainada uly reformalary geçirmäge ukyplydyklaryny aýdyp, çykyş edipdiler.

Azarowyň bolsa Moskwanyň tarapyny tutýan ýolbaşçylardan biridigi aýdylýar.

Ýanokuwçiň partiýasy premýer-ministrini saýlamak üçin beýleki syýasy partiýalar bilen gepleşikler geçirer.
XS
SM
MD
LG