Sepleriň elýeterliligi

Saparmyrat Nyýazowyň döwründen galan mediadaky çäklendirmeler Türkmenistanda henizem dowam edýär. Ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hökümet tarapyndan berk gözegçilik astyna alynmagy sebäpli, türkmen mediasynda häli-häzire deňiç erkin temalarda hiç hili materiallar, gepleşikler halka ýetirilmeýär.

Ýurduň ideologiýasynyň başynda oturanlar köpçülikleýin habar beriş serişdelerini berk gözegçilikde saklamak bilen, halkyň aňyna öz islegleriçe täsirlerini ýetirmek isleýärler.

Elbetde, medianyň täsiri atom bombasyndan hem effektli. Ýöne ýurduň ideologiýasynyň başynda oturanlar media babatda ýöredýän syýasatlary netijesinde özleriniň öňde goýýan maksatlaryna hiç bir babatda ýetip bilmeýärler.

Çanak antennalarynyň her bir öýde bolmagy hem-de internetiň soňky birki ýylyň dowamynda Türkmenistanyň çäginde giňden ýaýramagy netijesinde, ýurduň mediasyndaky berk gözegçiligiň halka hiç bir babatda öz täsirini ýetirmeýändigini anyk aýdyp bolar. Ilat köpçüligi bu gün özüne gerek informasion ýetmezçiligini çanak antennalarynyň üsti bilen dolýar.

Boş sözlerden ybarat bolan ýurduň gazetleri, radio-telewideniýeleri özleriniň habarlary bilen Türkmenistanyň raýatlaryny hiç bir babatda gyzyklandyryp bilmeýär. Şonuň üçin raýatlaryň türkmen mediasyna bolan islegi düýbünden ýok. Ýurduň ýaşaýjylary gazetlerde çap edilýän makalalaryň ýüzüne-de seretmeýärler, radio-telewideniýedäki gepleşikleri bolsa görjek hem bolmaýarlar.

Häzirki wagtda tutuş türkmen mediasynda ýeke-täk gyzyklanylyp seredilýän gepleşik «Watan» programmasydyr. Döwletiň alyp barýan syýasatyny teswirleýän bu programmany hem, esasan, ýurduň syýasaty bilen içgin gyzyklanýan raýatlar yzygiderli görýärler.

Ýaşlar progressiw

Ideologiýanyň başynda oturanlar üçin has-da gynandyryjy ýagdaý ýetişip gelýän türkmen ýaşlarynyň aňyna media arkaly özleriniň isleýän terbiýesini berip bilmezlikdir.

Türkmen ýaşlary bu gün gaty progressiw ösüşe eýe bolýar. Daşary ýurtlara akyp çykýan müňlerçe studentler ýurduň täze neslini kemala getirýär. Olar yzlaryna dolanyp gelensoňlar, progressiw pikirdäki adamlar bolup ýetişýärler.

Ýokardaky çinownikleri has-da gynandyrýan zat, ýaşlaryň türkmen mediasyna bolan hiç bir babatda gyzyklanmasynyň bolmazlygydyr. Türkmen ýaşlary çanak antennalary arkaly diňe ýewropa telekanallaryna seredýärler. Internetiň üsti arkaly dünýä habarlary bilen tanyşýarlar.

Türkmen ýaşlary elmydama progresde. Ýurtdaky internet prowaýderleri tarapyndan käbir syýasy internet saýtlarynyň bloklanýandygyna garamazdan, olar “Proxi server” saýtlarynyň üsti bilen bloklanan saýtlara arkaýyn girmekleri başarýarlar.

Türkmen mediasy ýurduň alyp barýan ideologiýasyny wasp edip, näçe bogaz ýyrtyp gygyrsa-da, bu meselede ençe çykdajy edýändigine garamazdan, öňünde goýýan maksadyna hiç bir meselede ýetip bilmeýär. Çünki düýrmegi bilen ýalana ýugrulan maglumat çeşmesi raýatlary gün geldigiçe özünden daşlaşdyrýar.

Alyjan Döwletow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG