Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Köp sanly soraglar entek jogapsyz


Gurbanguly Berdimuhamedow oppozisiýa we ýurtda oppozision partiýalary hasaba almaga rugsat bermek barada ýöne ýerden dil ýarmady. Bu rugsat özüniň mazmuny taýdan köp mana eýe bolup, Mihail Gorbaçowyň baştutanlyk eden ilkinji ýyllaryny ýatladýar.

Şonda Gorbaçow düýpli özgerişlere aýgyt edip bilipdi. Kompartiýanyň monopoliýasy baradaky Sowet Konstitusiýasynyň 6-njy maddasyna ýaňadan seredilipdi. Şolam diktaturanyň ýok bolmagynyň başyny başlapdy.

Şonuň üçin oppozisiýa bilen bagly täze çemeleşmelere türkmen ýolbaşçylarynyň düýpden täzeçe seretmegi halkara synçylarynda uly gyzyklanma döretdi.

Aňkaryp oturmak hem inisiatiwasyzlyk

Nyýazow döwründe oppozisiýa döwlete garşy jenaýatçylyk derejesine çykarylypdy. 1998-nji ýylda S.Nyýazow oppozision partiýalar barasynda şeýle diýipdi: “Syýasy partiýalar tebigy ýol bilen döremeli. Emeli usulda döredilen, ýasama partiýalar bize gerek däl”.

Öz edýän işiniň netijesini Türkmenistanyň hökümdary bilmese-de, ýyl geldigiçe sany artýan iň köp agzaly oppozision partiýa döredýärdi – ol hem gorky partiýasydy.

Nyýazowyň aýak dirän şol tebigy usuly bilen dörän partiýasy köp sanly goşmaça dertleriň, hadysalaryň peýda bolmagyna getiripdi. Şolaryň biri – ýolbaşçylaryň iň gowy görýän zady – dilsiz-agyzsyz kaýyllyk, boýun synmak.

Şonuň bilen bir hatarda halk oppozision gorky partiýasy häkimiýetleriň özi üçinem birgiden ýaramaz netijeleri beripdi. Bu - aňkaryp oturmak hem inisiatiwasyzlykdyr.

Häkimiýet şeýleräk ilata eýe boldy

G.Berdimuhamedow şeýle döwletiň başyna gelipdi, oňa eýe bolupdy. Onuň täze işlere, hereketlere çagyryşlarynyň maňlaýy halkyň onýyllyklar bäri ýaşap oturan gorky doktrinasynyň demir-beton diwaryna urulýar.

Prezident gazanylan üstünliklere, ýeňişlere şatlanmaga çagyrsa, halk Milli howpsuzlyk ministrligi ýene nähili hokgalary taýýarlaýarka diýip, oňa ynamsyzlyk bilen seredýär.

Prezident Türkmenistanyň daşarky dünýä üçin açyklygy baradaky prinsipleri yglan edýär, halk bolsa döwlet çinownikleri ýönekeý graždanlaryň ýurduň daşyna çykmagy hem yzyna gaýdyp gelmegi bilen bagly ýene nähili kynçylyklar oýlap taparkalar diýen gorky bilen böwrüni diňleýär.

G.Berdimuhamedow halky döredijilikli işe, tekliplere çagyrýar, halk bolsa gorky partiýasynyň kollektiwleýin agzasy hökmünde teklip etsek, ol başymyza bela bolaýmasyn diýen ätiýaçda. Ine, häkimiýet şeýleräk ilata eýe boldy.

Köp sanly soraglar jogapsyz

Gorky astynda ýagyr bolan jemgyýetiň ruhy taýdan galkynmagy üçin prezidentiň oppozision partiýalary registrasiýa etmegiň mümkinçlikleri barada aýdan bir beýannamasy ýeterlikmi? Şol pikiriň her bir graždanyň aňyna ýetmegi gerek.

Häkimiýetleriň täze teklibi bilen bagly döreýän köp sanly soraglary jogapsyz galýar. Eger oppozisiýa jemgyýetiň ganym duşmany bolman, öňki, köne ýörelgeden häkimiýetler ýüz öwürýän bolsa, oppozision işleri üçin Nyýazow tarapyndan jezalandyrylan, häzir türmelerde oturan adamlara indi näme bolar?

Eger Nyýazowyň oppozisionerlerini azatlykda görse, şonda halk hakykatdan-da ynanmazmy? Jemgyýetiň ýene bir düşünmeli zady bar – formal taýdan edilen registrasiýadan ýa resmileşdirmeden başga oppozisiýa nähili ygtyýarlyklar berler?

Bu halkara jemgyýetçiligine niýetlenen oýundan başga zat däl – diýen ilatyň aktiw böleginde döremegi mümkin müňkürligi, şübhäni häkimiýetler ilkinji ädimlerden aradan aýyrmaly. Eger prezident hakykatdan-da gorky partiýasyny derbi-dagyn edip, jemgyýeti galkynyşlara, inisiatiwalara iteklemek isleýän bolsa, kanunlara goşmaça düzedişler girizmeli.

Türkmenistanyň wekilçilikli, kanun çykaryjy hem ýerine ýetiriji derejelerdäki ähli häkimiýet organlaryny hasaba almak bilen indiki oppozisiýa özüniň jemgyýetdäki real roluny görüp bilmeli. Şonda bäsdeşlik gorkyny aradan aýryp başlar.

Syýasy bäsdeşlik dem salymda jemgyýetçlik inisiatiwasynyň güwläp göterilmegine getirer. Şonda G.Berdimuhamedowyň Türkmenistany düýpli özgertmek barada edýän çagyryşlary özüne aktiw eýerijileriň millionlarçasyna eýe bolar.

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG