Sepleriň elýeterliligi

Türk çeper filmi «Altyn aýy» baýragyny aldy


Berlinde geçýän 60-njy halkara kinofestiwalda Türkiýede surata düşürilen «Bal» atly çeper filmiň «Altyn aýy» baýragyna eýe bolmagy köpler üçin garaşylmadyk waka boldy.

Roman Polanski
Häzirki wagtda Şweýsariýada öý tussaglygynda saklanylýan we Birleşen Ştatlara ekstradisiýa edilmek howpy abanýan fransiýaly kinorežissýor Roman Polanski bolsa bu kinofestiwalda «The ghost writer» («Arwahy ýazyjy») atly syýasy trilleri üçin iň gowy film direktory hökmünde «Altyn aýy» baýragyny aldy.

Berlin kinofestiwalyna baran Farda Radiosynyň žurnalisti Amir Nikfariam Roman Polanskä bu ýokary baýragyň berilmegini köp synçylaryň öý tussaglygyndaky režissýora moral goldawyň berilmesi hökmünde kabul edendiklerini aýtdy: «Bu baýragy Polanskä bermek bilen Berlin film festiwaly we aýratynam germaniýaly režissýor Werner Herzogyň ýolbaşçylygyndaky komissiýa Şweýsariýanyň hem-de Birleşen Ştatlaryň sud sistemasynyň resmilerine özboluşly bir duýduryş gönderdi. Bu kinofestiwaldaky köp aktýorlar Polanskiniň tussaglykda saklanmagyna protest bildirdiler we onuň azatlyga goýberilmegine çagyryş etdiler».

Ýakynda Şweýsariýanyň häkimiýetleri 76 ýaşly Roman Polanskiniň Birleşen Ştatlarda özüne garşy açylan sud işine garşy eden şikaýaty doly seljerilýänçä, ony Birleşen Ştatlara tabşyryp-tabşyrmazlyk meselesine garalmajakdygyny mälim etdiler.

Roman Polanski mundan 30 ýyldan hem gowrak ozal, 1977-nji ýylda, kämillik ýaşyna ýetmedik bir gyz bilen jynsy gatnaşykda bolanlykda aýyplanylyp, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda oňa garşy jenaýat işi gozgalypdy. Ýone bu iş boýunça sud höküm çykarmanka, Polanski Birleşen Ştatlardan Fransiýa gaçyp atyp, şondan soň hiç haçan Birleşen Ştatlara dolanyp barmandy.

Berlin kino festiwalynda iň gowy kinorežissýor hökmünde Polanskä baş baýragy getiren «The ghost writer» atly film Britaniýanyň ozalky premýer-ministri tarapyndan memuar ýazmak işine çekilen bir ýazyjynyň ykbaly barada gürrüň berýär.

Semih Kaplanoglunyň «Bal» filmi

Berlin kinofestiwalynda iň gowy film hökmünde «Altyn aýy» baýragyna mynasyp bolan türkiýeli režissýor Semih Kaplanoglunyň «Bal» filmi bolsa öz bal tutýan kakasy ýitirim bolan we ony jeňňellikden gözleýän alty ýaşly oglanjygyň ykbaly hakda gürrüň berýär.

Filmiň režissýory Semih Kaplanoglu kinofestiwalda eden çykyşynda bu filmiň surata düşürilen ýeri bolan Gara deňziniň kenarlarynda tebigata uly howpuň abanýandygyny belläp, öz baýrak hökmünde alan serişdeleriniň şol ýerdäki tebigaty goramaga peýdasynyň degjegine umyt edýändigini aýtdy.

Beýleki orunlar


Rumyniýada döredilen «If I want to whistle, I whistle» («Eger sygyrasym gelse, sygyraryn») atly film ikinji ýere eýe boldy. Bu film türme durmuşy barada gürrüň berýär.

Orsýetde döredilen «How I ended this summer» («Bu tomus meniň üçin nähili tamamlandy») atly filmiň baş gahrymanlary aktýorlar Grigoriý Dobrygin bilen Sergeý Puskepalisiň ikisem bu filmde ýerine ýetiren rollary üçin «Kümüş aýy» baýragyna mynasyp boldular. Filmde ilatly punktlardan örän uzakda ýerleşýän metereologiýa stansiýasynda işleýän iki adamyň durmuşy suratlandyrylýar.

Hytaý-Ýapon urşundan maýyp bolup dolanyp gelen esgeriň we onuň aýalynyň durmuşyny suratlandyrýan «Caterpillar» («Gurçuk») atly ýapon filminde esgeriň aýalynyň roluny oýnan Şinobu Terajima Berlin kinofestiwalynda iň gowy aktrisa hökmünde «Altyň aýy» baýragy berildi.

Bu kinofestiwalda iň gowy film ssenariýasy diýlip «Apart together» («Aýraçylykdaky bilelik») atly film yglan edildi. Hytaýda surata duşurilen bu film taýwanly uruş wetaranynyň 50 ýyllyk aýraçylykdan soň, öz soýgülisine gowşuş taryhy barada gürrüň berýär.
XS
SM
MD
LG