Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ýaşyl hereket” Ahmedinejada garşy çykýar


Eýranyň ”Ýaşyl hereketi” prezident Mahmud Ahmedinejady inkär edýär. Onuň şygarlary hem köplenç syýasy.

Yslam rewolýusiýasynyň 31-nji ýyl dönümi bellenilende, ”Ýaşyl herekete” köçelere çykmaga ýol berilmänsoň, “diktatora ölüm” diýip gygyryşýanlaryň sesi häzirlikçe ýatsa-da, ”Ýaşyl hereketi” diri saklaýan garyndynyň bir bölegi şu syýasy şygarlar bilen ogurlanan prezidentlik saýlawlary baradaky aýyplamalardyr.

Ýurduň ýokary işsizlik, ýokary inflýasiýa derejesinden gözbaş alýan umytsyzlyk hem şolar bilen deň ähmiýete eýe. Ösüşiň goýulýan maýalara, gurply hususy sektora baglydygyna ynanýan modernistleriň Ahmadinejadyň täsin ykdysady garaýşyna garşy çykmagyna sebäp bolýan ykdysady ýagdaý baradaky gahar.

Prezidentiň syýasatynda ileri tutulýan zat – garyplara sadaka bermek. Döwlet agalygyndaky ykdysadyýetiň döredýän iş orunlary örän çäkli. Ony çökermän saklaýan nebitden gelýän girdeji.

Daşary ýurtlarda kän bir eşidilip durmasa-da, Ahmadinejadyň ykdysady syýasaty baradaky jedel ýurduň öz içinde giňden bar. Çet ýurt medialarynyň pars dilindäki gepleşiklerinde köplençe onuň tarapdarlary bilen garşydaşlarynyň arasynda bu barada çekeleşik gidýär.

Bar bolan jedeller

Ýaňy golaýda özüniň Tährandan uzak bir obada ýaşaýandygyny, adynyň hem Muhammetdigini aýdyp, Farda Radiosyna jaň eden bir eýranly Ahmadinejady aşa öwdi: “Jenap Hatemi sekiz ýyllap prezidentkä bize hiç bir zat etmedi. Biziň hiç bir zadymyz ýokdy. Ahmadinejad häkimiýet başyna gelensoň, biziň obamyza gaty köp baýlyk we ýeňillikler berdi. Nebitden gelýan pullar şu ýerde biziň obamyza harçlanylýar. Hökümet bu pullary biziň ýollarymyzy asfaltlamak üçin harçlaýar. Biz öz ýurdumyzda gaty oňat ösüş planlarynyň bardygyny görýäris”.

Ahmadinejad Eýranyň iň bir gurpsuz obalaryna aýlanyp, ýerli proýektlere pul bermegi öz prezidentliginiň hil tagmasyna öwürdi. Ol Eýranyň ähli welaýatlaryna tutuş kabineti bilen birlikde sapar etdi. Ýerli ýolbaşçylar bilen duşuşyp, ýüzlerçe proýekte gol çekdi.

Öten ýyl prezidentlik saýlawlarynda ykdysadyýetiň esasy tema öwrülmegine, bäsdeşlige kandidatyň Ahmadinejadyň aslyýetinde ykdysadyýete düşünýänligini sorag astyna almagyna sebäp bolan şu ýagdaý.

Golaýda Farda Radiosyna jaň eden Bahram atly bir student Ahmadinejad bilen onuň tarapdarlarynyň hemişe ýerli proýektleriň gürrüňini edip, makroykdysady meseleleri agzamaýanlygyndan zeýrendi: “Bitiren işleriň barada gürläniňde, Mahmud Ahmadinejadyň geňeşçileri ýaly “biz ýollary bejerdik, stadion gurduk” diýmeli däl-de, ykdysady indeksleriň gürrüňini etmeli. Ykdysady meselelere baha berjek bolsaň, ykdysady indekslere görä gürlemeli”.
XS
SM
MD
LG