Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda örän köp parahat ýaşaýjy heläk boldy


Şu gün Owganystanyň hökümeti ýurduň Daý Kundi we Uruzgan welaýatlarynyň araçäklerine golaý ýerde düýn NATO howa güýçleriniň ýalňyşlyk bilen eden hüjüminde örän köp parahat ýaşaýjynyň ölendigini mälim etdi.

Ozalbaşda bu gürrüňi edilýän hüjümde 33 adamyň ölendigi öňe sürlen bolsa, Owgan hökümetiniň soňky resmi maglumatynda parahat ýaşaýjylardan düýn 27-siniň ölendigi aýdylýar.

Owganystanyň hökümeti NATO-nyň bu howa hüjümini «aklap bolmajak» hüjüm diýip atlandyrdy we NATO-nyň güýçlerini geljekde bular ýaly ýalňyşlyklaryň ýüze çykmazlygy üçin has koordinirlenen ýagdaýda hereket etmeklige çagyrdy.
XS
SM
MD
LG