Sepleriň elýeterliligi

Lufthansa kompaniýasynyň ýüzlerçe howa gatnawy togtadyldy


Öten agşamdan başlap, düýbi Germaniýada ýerleşýän Lufthansa howa kompaniýasynyň pilotlarynyň köpçülikleýin iş taşlaýyş yglan etmekleri netijesinde, ýüzlerçe ýolagçy uçarynyň gatnawy togtadyldy.

Lufthansa kompaniýasy Ýewropadaky iň uly ýolagçy-howa kompaniýasy hasaplanylýar.

Dört gün dowam etjek bu iş taşlaýyşlygyň dowamynda jemi 3 müň 200 töweregi uçaryň uçuşynyň ýatyrylmagyna garaşylýar.

Lufthansa kompaniýasynyň pilotlary daşary ýurtly arzan işçi güýjüniň işe çekilmegi netijesinde, özlerine işlerinden boşadylmak hem-de aýlyk haklarynyň azaldylmak howpunyň abanýandygyny aýdyp, bu ýagdaýa alada bildirýärler.

Lufthansa kompaniýasynyň resmileri bu iş taşlaýyşlygyň netijesinde bu kompaniýanyň 100 million ýewro töweregi ýitgi çekmeginiň mümkindigini aýdýarlar. Şu gün bu iş taşlaýyşlygyň öňüni almak üçin kompaniýanyň ýolbaşçylary suda ýüz tutdular.
XS
SM
MD
LG