Sepleriň elýeterliligi

Pariždäki aeroportda ýalaňaç bedeni görkezýän skaner işläp başlady


Şu gün Fransiýa Ýewropada ilkinji bolup Pariždäki Çarles de Gaulle aeroportynda ýolagçylaryň tutuş ýalaňaç bedenini görkezýän skaner apparatyny ulanmaga başlady.

Ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary şeýle skanerleriň ulanylmagy baradaky haýyş bilen Ýewropa ýurtlaryna ýüz tutupdy.

Birleşen Ştatlaryň şeýle çäräni öňe sürmegine geçen ýylyň 25-nji dekabrynda bir ýolagçynyň öz geýiminde partlaýyjy maddany gizläp, Amsterdam-Detroýt uçaryna münmegi bilen baglanyşykly waka sebäp boldy.
XS
SM
MD
LG