Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda gaz tölegli bolsa nähili bolar?


Türkmenistanda halk ençeme ýyl bäri suw, duz we elektrik togy bilen bir hatarda, tebigy gazy hem mugt ulanyp gelýär.

Bu ýagdaý ilki başda tölegli sistemany ornaşdyrmak agyr gelenligi üçin edildimi ýa-da halkymyzyň milli baýlgymyzy arkaýyn ulanmagy üçin edildimi – bu anyk belli däl.

Bu resurslaryň halka mugt berilmeginiň hem nädereje dogrudygy belli däl.

Türkmenistan tebigy gaz resurslaryna iň baý yurtlaryň biri hasaplanýar. 6 million töweregi ilaty bolan Türkmenistan halka gazy mugt bermek bilen o diýen zyýan çekmeýär diýip bolar (ýylda 20-25 mkm). Sebäbi ykdysadyýetiň we senagatyň yzagalaklygy tebigy gazyň sarp edilşini pes mukdarlarda saklaýar.

Türkmenistan 2008-nji yylda 67.4 milliard kubmetr gaz öndüren bolsa, “BP statistics” maglumatlaryna görä, şonuň 21.9 milliard kubmetri içerki bazara siňipdir. Elbetde, tebigy gaz ujypsyz baha bolsa-da, tölegli berlen ýagdaýynda az girdeji bolmazdy.

2010-njy ýylda Türkmenistan 120 milliard kub metr gaz öndürmegi maksat edinyär, emma içerki sarp ediş ýene öňki mukdardan köp üýtgemez. Sebäbi Türkmenistanda göze dürtülýän ykdysady ösüşi we ilat sanynyň ýokarlanyşyny görmek mümkin däl. Öndürýän gazynyň 6-dan bir bölegini mugt bermek bolsa, Türkmenistan üçin geljek ýyllarda-da agyr hasap-pesip meselesini ýüze çykarmaz.

Ösen ýurtlaryň tejribesi we Türkmenistan

Ösen ýurtlarda tebigy gaz halka tölegli berilýär. Bu ýurtlaryň käbirleriniň tebigy gaz resurslaryna baý bolmagy ýagdaýy üýtgetmeýär. Emma bu sistemany Türkmenistanda göz öňüne getirmek gaty kyn. Birinjiden, Türkmenistanda ykdysadyýet gaty yzda barýar we halkyň köp bölegi garyp hasaplanýar. Beýleki ösmedik ýurtlarda bolşy ýaly, Türkmenistanda orta girdejili halk az bolup, örän baý we örän garyp gatlak has köp duş gelýär. Ýurduň ösmegine we kadalaşmagyna itergi berýän gatlak bolsa, orta derejedäki halkdyr. Eger tebigy gazy tölegli eden yagdaýymyzda, garyp halkyň yagdaýyny göz oňüne getirmek aňsat.

Ikinjiden, Türkmenistanyň tebigy gazy halkyň milli baýlygydyr. Ony halkyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrman halka satmak adalatsyzlyk bolar. Halka şu günki ýagdaýda gaz satmak, XXI asyrda türkmen halkyny odun ýakmaga mejbur etmek diýmekdir. Garyp halkyňam toý-sadakasynda gazy ulanmak tebigy hukugydyr.

Ýene bir zat, Türkmenistanda gyş agyr gelýär we dünýäniň iň uly gaz rezerwleriniň birine eýe bolan ýurt halkyny sowukda doňdursa, muny akyl almaz.

Isrip meselesi

Gazyň isrip edilyändigi hakykatdyr. Ýöne bu yagdaýa, halk bilen bir hatarda, Türkmenistanyň gaz kärhanalary hem günäkär. Sebäbi mugt berilýän gazy ölçegli bermek we belli bir sistemany ornaşdyrmak edip bolmajak zat däl.

Türkmenistan turbalaryndan çäksiz gazy halka hemişe goýberip bilmez we haçanam bolsa bir gün ölçeg sistemasyny ýola goýmaga mejbur bolar. Muny näçe tiz ýola goýsa, şonça-dä ýuduň bähbidine boljakdygy hemmä mälim.

Isrip meselesinde ýene bir belläp geçmeli zadymyz bolsa, gaz turbalarynyň ýaryk ýerlerinden çykyp ýatan gazlardyr. Bu gynandyryjy ýagdaý. Turbalardaky basyşyň azaldylmagy köp ýerlerde gazyň peselmegine we uly zaýaçylyga ýol açýar.

Içerki ykdysadyýetiň ösdürilmegi we döwletiň pulunyň gözegçilige alynmagy üçin Türkmenistan energiýany tölegli etmeli, emma şu günki ýagdaýda däl. Häzirki yagdaýda Türkmen döwlet gaz konserniniň ölçeg sistemasyny ýerine ýetirip biljek gümany ýok. Munuň esasy sebäbi bolsa, her ýerde bolşy ýaly, korrupsiýadyr.

Nazar Berdiýew Türkiýede okaýan türkmen studentiniň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG